Satyn alyjylaryň kompaniýanyň süýji önümlerine bolan islegi ýyl-ýyldan üýtgewsiz artýardy. Süýji öndürijiler satyn alyjylaryň, aýratyn-da çagalaryň islegini kanagatlandyrmak üçin konditer önümleriniň görnüşlerini artdyrmaga çalyşypdylar. Şol maksat bilen karamel öndürýän goşmaça önümçilik hatary gurnalypdy.
2008
Şol ýylda şokolad örtükli pomadkaly we želeli konditer önümlerini öndürýän täze enjam işe girizilmeginiň netijesinde kompaniýanyň süýji önümleriniň öndürijilik kuwwaty öňküsinden has hem artdyryldy.
2011
2012-nji ýyl kompaniýanyň işinde hakykatdan hem öwrülişikli we ykbal çözüji wakaly ýyl boldy. Köne binaň golaýynda 20 000 inedördül metr täze meýdançada umumy meýdany 11 153,3 inedördül metre barabar bolan täze konditer kärhanasy işe girizildi.
2012
Täze öndürijilik kuwwatlyklarynyň işe girizilmegi kompaniýanyň ösüşinde wajyp tapgyr boldy. Täze fabrik konditer önümleriniň ýokary öndürijiligi we hili bilen tapawutlanýandygyna garamazdan, işiň ýola goýlan wagtyndan başlap bölümleriň tehniki taýdan yzygiderli enjamlaşdyrylmagy kompaniýanyň üns merkezinde saklanýar.
2013
Birnäçe ýylyň dowamynda kärhana öz alyjylaryny «HASAR» söwda nyşany bilen hödürlenýän önümleriň dürlüligi bilen begendirýär, şol bir wagtda bu ýerde önümleriň görnüşini mundan beýläk hem giňeltmek boýunça işler alnyp baryldy.
2016
Bu ýyl ýurtda meşhurlyga eýe bolup we süýji-köke önümleriniň bazarynda pugta orun alyp, kompaniýa özüniň kuwwatly mümkinçilikleriniň we ýokary at-abraýynyň bardygyny ýene-de bir gezek tassyklady.
2017
Bazarda eýýäm takmynan 20 ýyl bolmak bilen, «HASAR» Türkmenistanda iri we belli konditer öndüriji bolup durýar. Kompaniýanyň süýji-köke önümleri diňe biziň ýurdumyzda däl, eýsem onuň çäginden uzaklarda hem meşhurlyga eýedir.
2018
Tebigy goşundylar
Kepillendirilen hil derejesi
GMO ýok
Hakyky kakao
Hakyky süýt
“Gowy ýatlamalar şokolad ýaly: olar bilen dok bolmaýaň, emma olar biziň durmuşymyzy şeýle süýjedýär”
Janin Weger
“Iýmeli däl şokolad bölejigi bilen deňeşdirerli höwesi başga hiç zat döredip bilmez”
Nina Zandman
“Şokolad – sözsüz teselli beriji zatdyr”
Ursula Kohaupt
Biziň muny nädip edýändigimizi bir görüň
Hasar kärhanasyna ýatdan çykmajak gezelençler. Özüňi hakyky konditer hökmünde duýup gör!